Tehnologiýa älemine tozansorujy bilen giren Dreame Technology kompaniýasy geçen ýyl awtomobil önümçiligine baş goşupdy. Indi kompaniýa ulaglara jogap berýän bölümini ýapmak we «Starry Sky» taslamasyny bes etmek kararyna geldi. Bu barada CarNewsChina neşiri habar berýär.
Dreame awtomobil bazaryna resmi taýdan 2025-nji ýylyň awgustynda goşulypdy. Eýýäm 2026-njy ýylyň ýanwarynda bolsa kompaniýa CES sergisine Nebula Next 01 Jet Edition superkaryny çykarypdy, aprelde-de ony San-Fransiskodaky çärede görkezdi.
Indi bolsa Dreame Auto tarapyndan görkezilen modelleriň hemmesiniň herekete ukypsyz, häki bir maketdigi belli boldy. Asyl kompaniýa bu maketleri ulaga öwürmegiň üstünde ibaly işlenilmändirem. Metbugat habarlaryna görä, kompaniýa inženerçilik potratçy hökmünde Chery kompaniýasyny hyzmatdaşlyga çekmäge synanyşypdyr, ýöne olam beýle şübheli taslama goşulmakdan ýüz öwrüpdir.
Dreame-niň awtomobil bölüminde işiň iň gyzgalaňly gidýän wagty 1000 töweregi adam zähmet çekýän eken. Ýöne maý aýynda kompaniýa hünärmenlerini köpçülikleýin işden boşatmaga başlapdyr. Netijede, bary-ýogy 30-40-a golaý işgär galypdyr, olaram hasap, hukuk we HR bölümine degişli wezipeleri ýerine ýetirýän adamlar.
Häzirki wagtda kompaniýa önümçiligiň bu ugruny ýapmak, üpjün edijiler bilen algy-bergileri üzlüşmek we degişli resminamalary düzgünleşdirmek ýaly işler bilen gümra.