Hyundai üýtgeşik Palisade-y tanyşdyrdy: onuň üçegi 24 sm ýokary galdyrylypdyr

Şu gün, 10:353,010
1 / 5

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazary üçin 2027-nji model ýylynyň Palisade awtoulagyny hödürledi. Hatara birbada üç sany täze wersiýa goşuldy.

Arasynda iň täsin görnüşi — üçegi 240 mm ýokary galdyrylan High Roof modifikasiýasydyr. Mundan başga-da, doly gara bezegli ýerine ýetirilen Black Ink hem-de krossoweriň daş keşbini has döwrebap we agressiw görkezýän, ýolsuzlyk üçin niýetlenen XRT bar.

Palisade High Roof-yň beýikligi 2005 mm-e barabar. Muňa garamazdan, Hyundai kompaniýasy awtoulagyň heniz hem adaty ýerasty duralgalara sygýandygyny tekrarlaýar.

High Roof wersiýasynyň esasy enjamlarynyň hataryna ýoluň ýagdaýyny öňünden seljerýän Preview funksiýaly adaptirlenýän amortizasiýa ulgamy, 21 dýuýmlyk tigirler we Pirelli tekerleri girýär.

Salonda töwerekleýin yşyklandyryş, okamak üçin niýetlenen LED çyralary hem-de yzky hatardaky ýolagçylar üçin 21,4 dýuýmlyk ekranly multimediýa ulgamy ýerleşdirildi.

Awtoulag üçin goşmaça VIP Package 2 bukjasy-da elýeterlidir. Oňa iki sany simsiz zarýad beriji bolan konsol, ultramelewşe sterilizator, howa arassalaýjy hem-de gyzdyrmak we sowatmak funksiýaly deflektorlar girýär.

Black Ink wersiýasy iň ýokary derejeli Calligraphy toplumynyň esasynda döredildi. Ol kuzowda we salonda gara bezeg elementleri, 21 dýuýmlyk gara diskler hem-de Preview funksiýaly adaptirlenýän amortizasiýa ulgamy bilen tapawutlanýar.

Palisade XRT bolsa özboluşly radiator gözenegi, reýlingler, gara moldingler we gapdal aýnalar, 20 dýuýmlyk tekerler, ikinji hatardaky oturgyçlaryň wentilýasiýasy hem-de Bose akustik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

Esasy Exclusive komplektasiýasynda bolsa indi 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli, egri ekranly multimediýa ulgamy we howpsuzlyk ulgamlarynyň giňeldilen toplumy bar.

2,5 litrlik, 281 at güýjündäki turbomotorly hem-de öňi ýöredijili dokuz orunlyk Palisade-yň bahasy 44,78 million wondan (takmynan 32,4 müň dollar) başlanýar. High Roof görnüşi bolsa 72,44 million wona (takmynan 52,4 müň dollara) durýar. Ýedi orunlyk benzinli görnüşi bolsa az-kem gymmadrak.

Şeýle hem doly ýöredijili we 334 at güýjündäki gibrid motor toplumy elýeterlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.