Sürüjileriň köpüsi häzirki zaman awtoulaglarynda oturdylan elektron kömekçi ulgamlaryň aglaba böleginden peýdalanmaýar. Bu barada Censuswide britan kompaniýasynyň bir diler toparynyň ýörite sargydy boýunça geçiren barlagynda aýdylýar
Sowalnama gatnaşanlaryň 25%-den köpüsi adaptatiw kruiz-kontrol ulgamyny hiç haçan işjeňleşdirmeýändigini, 20%-den gowragy bolsa awtomatik gyssagly tormoz ulgamyny ulanmaýandygyny aýtdy.
Awtoulagy zolakda saklaýan ulgamdan 18%-e golaý sürüji peýdalanmaýar. Käbir sürüjiler munuň sebäbini elektronikanyň dolandyryşa gaty ýiti gatyşýandygy we olaryň pikiriçe, kömek etmäge derek, köp päsgel berýändigi bilen düşündirýärler.
Beýleki funksiýalar hem o diýen ýörgünli däl. Proýeksiýaly displeýi bolan awtoulag eýeleriniň 17%-den gowragy ony hiç haçan işletmeýär, ýene 7%-i bolsa muny nädip etmelidiginem bilenok. Hereket režimlerini üýtgetmek mümkinçiliginden bolsa pikir soraşylanlaryň bary-ýogy 27%-i dowamly peýdalanýar.
Şol bir wagtyň özünde, sürüjileriň has işjeň ulanýan tehnologiýalary hem bar: olaryň iň ýörgünlisi – smartfony awtoulagyň multimediýa ulgamyna birikdirýän Bluetooth baglanyşygy boldy. Ýaşyna baglylykda, soragnama gatnaşanlaryň 49,7%-den 68,8%-e çenlisi bu funksiýadan yzygiderli peýdalanýar.
Iň köp isleg bildirilýän funksiýalaryň üçlügine yzky görüş kamerasy we nawigasiýa ulgamy hem girdi.