Mitsubishi Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin model hataryny giňeltmek we 2027-nji ýyla çenli birnäçe täze ulag modelini hödürlemek meýilnamasyny yglan etdi.
Kompaniýa häzirki wagtda iki täze modeli resmi taýdan tassyklady, ýöne tizer suratynda geljekki modelleriň ýene birnäçesiniň suduryny görkezdi.
Bu meýilnamalar Mitsubishi-niň täzelenen Momentum 2030 strategiýasynyň bir bölegidir. Kompaniýa ulaglaryň elektrikleşdirilmegini çaltlandyrmagy, krossower we ýolsuzlyk ulaglarynyň bazaryndaky ornuny berkitmegi hem-de model hataryny giňeltmegi maksat edinýär.
Ýakyn ýyllarda hödürlenjek täze modelleriň biri ykjam Eclipse Sportback atly elektrik krossoweri bolar. Täze modeliň Nissan Leaf bilen baglanyşykly boljagy aýdylýar. Mundan başga-da, Mitsubishi Outlander krossoweriniň ýolsuz ýerlerde sürmäge has amatly görnüşini taýýarlaýar. Ol adaty Outlander-den tapawutly, aýratyn model hökmünde hödürlener. Täze ulagyň 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde bazara çykaryljagyna garaşylýar. Onuň ady entek mälim edilmedi.
Mitsubishi, şeýle hem, Nissan bilen hyzmatdaşlykda täze pikapyň işlenip düzülýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze ulag barada häzirlikçe kän bir maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, onuň suduryny tizeriň çep tarapynda, yzky planda görmek bolýar. Gapdaldan seredilende, täze pikapyň dizaýny ABŞ bazary üçin öndürilýän Nissan Frontier-e çalym edýär.
Tizerde mundan başga-da, atlary häzirlikçe aýan edilmedik üç täze modeliň sudury bar. Olar biri-birinden göwrümi, gabarasy (kuzowy) we yşyklandyryş elementleri bilen tapawutlanýar.
Yzky hatarda ýerleşýän ulagyň käbir dizaýn aýratynlyklaryna seredilende, onuň Pajero modeliniň täze nesli bolmagy ähtimal diýen çaklama döreýär. Şeýle-de bolsa, Mitsubishi bu ulag barada häzirlikçe resmi maglumat bermedi.