Hyundai kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli 100-den gowrak täze we has kämilleşdirilen modelleri öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa bu barada her ýyl geçirilýän Maýadarlar gününde yglan etdi.
Meýilnama laýyklykda, ýakyn aýlarda ýedi sany täze önüm jemgyýetçilige hödürlener, giň gerimli maksatnama bolsa Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň we Hytaýyň bazarlaryny öz içine alar.

Ýewropada Hyundai, ilkinji nobatda, elektromobillere bil baglar. Ýakyn ýyllarda bu ýerde kiçi göwrümli elektrik hetçbek, krossower, ýolsuzlyk ulaglary (SUV), şeýle hem birnäçe täjirçilik tokly modeller peýda bolar.
Hytaýda kompaniýa öz önüm ugruny gibrid modelleriň hasabyna giňeltmegi meýilleşdirýär. «Ioniq V» modelinden soň, 2027-nji ýyla meýilleşdirilen iki sany täze elektrikleşdirilen krossower çykarylar. 2028-nji ýylda bolsa olaryň üstüne uly sedan, SUV ulagy we üçünji derejeli awtonom dolandyryş kömekçisi bolan miniwen goşular.
ABŞ üçin Hyundai 2027-nji ýylda çykarylmagy göz öňünde tutulýan üýtgeşik «Santa Fe» modelini taýýarlaýar. Bu görnüşde tigirler elektromotorlar arkaly herekete getiriler, ýangyçly hereketlendirijiler bolsa diňe energiýa öndürmek üçin ulanylar. Işläp düzüjiler awtomobiliň bir gezekki ätiýaçlyk kuwwaty, takmynan, 1000 kilometre ýeter diýip çaklaýar. Önümçiligi ýylyň birinji ýarymynda Alabamada ýerleşýän «Hyundai» zawodynda başlamak meýilleşdirilýär. Ulagyň şeýle güýç ulgamy «Genesis» kysymly gymmat bahaly krossowere hem ýerleşdiriler.
Kompaniýa täze segmentlere çykmagy hem göz öňünde tutýar. Şol sanda «Boulder» konsepsiýasynyň esasynda taýýarlanylan SUV ulagynyň köpçülikleýin öndürilmegine garaşylýar.
Aýratynlykda Hyundai özüniň «N» sport ugruny hem giňelder. Bu bölüm ýedi sany modeliň üstünde işläp, ýyllyk satuwlary 100 müň awtomobile ýetirmegi maksat edinýär.

Garaşylýan täze modelleriň arasynda — «i20 N» awtomobiliniň täze nesli, ýeňil sport krossoweri, täze «Elantra N» hem-de yzy çekýän platformada gurlan uly sedan ýa-da liftbek bar. Şeýle hem «Tucson» we elektromobilleriň biri üçin «N» görnüşiniň çykarylmagyna garaşylýar. Sedana hem-de beýleki modelleriň ählisine içinden ýanýan hereketlendiriji oturdylar we olar elektrikleşdirilen görnüşe geçiriler.