Täze Toyota Land Cruiser 300 benzinli V6 motora derek gibrid alar

Şu gün, 13:242,375
1 / 11

Toyota ýapon bazary üçin Land Cruiser 300-iň uly täzelenmesini taýýarlaýar. 2027-nji model ýylyndan başlap, ýolsuzlyk ulagy adaty benzinli V6 motoryndan mahrum bolup, kuwwaty 457 at güýjüne ýetýän gibrid hereketlendirijä geçer.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, täzelenen ulagyň tanyşdyrylyşy 16-njy sentýabrda geçiriler.

i-Force Max gibrid ulgamy Lexus LX700h modelinde, şeýle-de Land Cruiser-iň beýleki bazarlar üçin niýetlenen käbir görnüşlerinde eýýäm ulanylýar. Ulgam 3,5 litrlik iki turbinaly V6 benzinli hereketlendirijiden, elektrik motoryndan we 10 basgançakly awtomat transmissiýadan ybarat. Onuň umumy kuwwaty 457 at güýjüne, aýlaw pursady bolsa 790 N·m barabar.

Gibrid görnüşi adaty benzinli modelden takmynan 170 kg agyr. Batareýanyň ýük bölüminiň aşagynda ýerleşdirilmegi sebäpli ýangyç bakynyň göwrümi hem 80 litrden 68 litre çenli azaldy.

Muňa garamazdan, ulagyň ýolsuz ýerlerdäki mümkinçilikleri saklanyp galýar. Land Cruiser 300-iň geçip bilýän suwunyň çuňlugy 700 mm-e ýetýär. Üstesine-de ýokary woltly batareýa suwdan goralan.

Ýaponiýada gibrid Land Cruiser 300 ZX we GR Sport toplumlarynda hödürlener. Iki görnüş hem ýedi orunlyk salona, iki sany 12,3 dýuýmlyk ekrana, proýeksiýa displeýine, JBL audio ulgamyna, gyzdyrylýan we ýelejiredilýän oturgyçlara, şeýle-de elektrik güýçlendirijili rul dolandyryş ulgamyna eýe bolar.

GR Sport görnüşinde iki differensialyň petiklenmegi we E-KDSS durnuklaşdyryş ulgamy saklanyp galar. ZX görnüşi bolsa täzelenen öňki bamper we 20 dýuýmlyk tigirler bilen üpjün ediler.

Modeliň dizel görnüşleri-de hatardan aýrylanok. 3,3 litrlik iki turbinaly V6 dizel hereketlendirijisi 309 at güýjüni we 700 N·m aýlaw pursadyny öndürer.

Mundan başga-da, bäş orunlyk salonly, oturgyçlary mata örtükli we 18 dýuýmlyk tigirli Land Cruiser 300 GX Diesel-iň esasy görnüşi peýda bolar. Onuň bahasynyň 6,3 million ýenadan (39,5 müň dollardan)) başlamagyna garaşylýar.

Gibrid ZX-iň bahasynyň, takmynan, 61,4 müň dollar, GR Sport görnüşiniň bahasy bolsa 63,9 müň dollar boljagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.