«Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň atlary 8-nji sentýabrda yglan ediler. Bu barada baýragyň resmi saýtynda habar berilýär.
Iň gowy futbolçylara baýrak 26-njy oktýabrda Londonda gowşurylar.
Baýrak beriljek ugurlaryň sanawy we dalaşgärleriň sany:
- Erkekleriň arasynda «Altyn top» – 30 oýunçy
- Zenanlaryň arasynda «Altyn top» – 30 oýunçy
- Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy ýaş zehini – 10 oýunçy
- Zenanlaryň arasynda ýylyň ýaş zehini – 5 oýunçy
- Erkekleriň arasynda ýylyň derwezebany – 10 oýunçy
- Zenanlaryň arasynda ýylyň derwezebany – 5 oýunçy
- Erkekleriň arasynda ýylyň tälimçisi – 5 tälimçi
- Zenanlaryň arasynda ýylyň tälimçisi – 5 tälimçi
- Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy hüjümçisi – 10 hüjümçi
- Zenanlaryň arasynda ýylyň iň gowy hüjümçisi – 5 hüjümçi
- Ýylyň erkekler futbol kluby – 5 klub
- Ýylyň zenanlar futbol kluby – 5 klub
Bilermenleriň pikirine görä, baýraga bu ýyl, esasan, Rodri, Lamin Ýamal, Lionel Messi, Harri Keýn we Kilian Mbappe dalaşgär hasaplanýar. Şeýle-de, olaryň hataryna Usman Dembele, Maýkl Olise, Erling Holand we Jud Bellingem hem goşulýar.
«Altyn top» — «France Football» fransuz žurnaly tarapyndan senenama ýylynyň iň gowy futbolçysyna berilýän her ýylky futbol baýragy. Baýragyň häzirki eýesi «PSŽ-niň» hüjümçisi Usman Dembeledir.