Soňky ýyllarda futbol dünýäsinde kän dile düşýän transferleriň Saud Arabystandan çykýanyna öwrenişildi: Kriştianu Ronaldu, Neýmar, Benzema, Sadio Mane... ýaly ýyldyzlar şol ýere gidipdi. Emma şu tomus Ýakyn Gündogardaky gyzgalaňly bazar söwdasy garaşylmadyk ýagdaýda haýallady, ýyldyzlar çabgasy kiparlady. Döwlet tarapyndan maliýeleşdiriş maksatnamasyna girizilen berk çäklendirmeler we daşary ýurtly futbolçylaryň sanyna goýlan limit sebäpli saud toparlary indi transferlere has tygşytly çemeleşmeli bolýar.
Onýança düýpli üýtgeşmeler kän bir oslanmadyk ýerden — Türkiýäniň Superligasyndan gelip ugrady. Bu ýeriň futbol klublary adatdan daşary transfer möwsümini geçirdi.
Stambulyň ägirtleri hem-de agramly welaýat toparlary Ýewropanyň iň meşhur futbolçylarynyň ençemesini öz düzümine goşdy.

Muňa ýerli janköýerleriň 7 ýaşdan 70+ ýaşlysyna çenli monça boldular. Hatda käbir şäher häkimiýetleriniňem begenjiniň çägi ýok.
Mysal üçin, Trabzon iliniň (welaýatynyň) Ýomra etrabynyň ýolbaşçylary «Trabzonsporyň» täze hüjümçisi Mohamed Salahyň göçüp geljek ýerindäki köçä onuň adyny dakmagy meýilleşdirýär.

Bu barada Ýomranyň häkimi Mustafa Biyik X sosial torunda ýazdy:
«Mohamed Salah ýaly Türk futbolynyň taryhynda transfer edilen iň görnükli oýunçynyň biziň etrabymyzda ýaşajakdygyna örän buýsanýarys. Şu hepde şäher geňeşi Salahyň öýüniň ýerleşýän köçesine Mohamed Salah adyny dakmak baradaky karary kabul eder. Biz munuň üçin elimizden gelenini etdik. Indi nobat Salahda».
Müsürli futbolçy şu tomus «Liwerpuly» terk edip, «Trabzonspora» erkin agent hökmünde goşuldy.

Salahyň transferi Türkiýäniň Superligasyndaky birnäçe uly geçişleriň diňe biri boldy. Beýleki iri transferleriň arasynda şu futbolçylar bar:
- Leandro Trossard — «Arsenaldan» «Beşiktaşa» €18 milliona geçdi;
- Meýson Grinwud — «Marselden» «Fenerbahçe» €39 milliona;
- Rafael Leau — «Milandan» «Galatasaraýa» €45 milliona;
- Romelu Lukaku — «Napoliden» «Fenerbahçe» €6 milliona;
- Fabinýo — «Al-Ittihaddan» «Trabzonspora» mugt, erkin agent hökmünde;
- Duşan Wlahowiç — «Ýuwentusdan» «Beşiktaşa» erkin agent hökmünde;
- Andre Onana — «Mançester Ýunaýtedden» «Trabzonspora» kärendesine alyndy.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň çempionatynda öňden bäri Wiktor Osimhen, Ilkaý Gündogan, Leroý Sane («Galatasaraý»), Ederson, N’Golo Kante, Marko Asensio, Natan Ake, Milan Şkrinýar («Fenerbahçe»), Wilfred Ndidi, Žoau Mario («Beşiktaş»), Eldor Şomurodow («Istanbul Başakşehir») we beýleki belli futbolçylar çykyş edýär.

Olaryň käbiri (mysal üçin, Salah bilen Wlahowiç) eýýäm öz täze klublarynda tapawutlanybam ýetişdi.
Şonuň üçin şu möwsüm Türkiýäniň mazaly täzelenen Superligasynyň dünýäniň dürli künjeklerinden janköýerleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni has köp çekjekdigi ikuçsyz.