Ýaşy 65-den geçen adamlaryň sany taryhda ilkinji gezek 5 ýaşdan kiçi çagalardan kän

Düýn, 19:252,907

ABŞ-nyň Ilat ýazuwy býurosynyň hasabatyna görä, dünýäde çaga dogluşynyň azalmagy sebäpli 65 ýaşly we ondan uly adamlaryň sany taryhda ilkinji gezek 5 ýaşdan kiçi çagalaryň sanyndan geçdi.

2022-nji ýylda dünýäde 65 ýaşdan uly adamlaryň we bäş ýaşdan kiçi çagalaryň sany deň diýen ýalydy — takmynan, 10%. Ýöne 2022-nji ýyldan soň bu aratapawut kem-kemden ulalyp başlady. Çaklamalara görä, 2060-njy ýyla çenli uly ýaşly adamlaryň paýy, takmynan, 20%, kiçi ýaşly çagalaryň paýy bolsa 7% bolar.

Hasabatda görkezilişi ýaly, 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 2025-nji ýyldaky 852 milliondan 2060-njy ýylda 2 milliarda ýeter, bu bolsa bellenilen döwürde 8,13 milliarddan 10,23 milliarda ýetjek dünýä ilatynyň arassa ösüşiniň 55% töweregini emele getirer.

Sebitler boýunça seredilende, Aziýada uly ýaşly ilat 2060-njy ýyla çenli 487 milliondan 1,24 milliarda ýetip, global ösüşiň agramly bölegini üpjün eder. Afrika iň ýaş sebitdigine garamazdan, uly ýaşly ilatyny 60 milliondan 249 milliona ýetirip, Ýewropadan (214 mln) öňe geçer.

Umuman alanyňda, geljek 30-35 ýylda dünýä ilatynyň içinde 65 ýaşdan uly adamlaryň sany iki esse köpeler — häzirki 10,5%-den 19,6%-e çenli.

Hasabatyň awtorlarynyň biri Endrýu Skottyň pikiriçe, demografik üýtgeşme garrylyga çykdajy hökmünde däl-dе, eýsem ykdysady aktiw hökmünde garamaga itergi berip biler. Onuň aýtmagyna görä, keselleriň öňüni alyş lukmançylygy, has uzak zähmet ömri we uly ýaşlylar üçin amatly iş şertleri arkaly uzak ömri sagdyn we ykdysady taýdan işjeň ýyllara öwrüp bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.