Hýu Jekman «Norwiç» klubunyň eýesi bolup, ony APL-e çykarmak isleýär

Şu gün, 12:26487
1 / 2

Holliwud aktýory Hýu Jekman Talksport radiosynyň efirinde iňlis futbol kluby «Norwiç Siti» paýynyň bir bölegini satyn almak boýunça gepleşik geçirýändigini tassyklady. Eger ylalaşyk gazanylsa, Rosomahanyň keşbi bilen tanalýan aktýor Angliýanyň ikinji derejeli çempionaty bolan Çempionşipde çykyş edýän klubuň eýeleriniň birine öwrüler.

Jekmanyň «Norwiç Siti» bilen gyzyklanmagy diňe bir biznes bilen bagly däl. Onuň ejesiniň asly şu şäherden, aktýoryň özi bolsa ýedi ýaşdan bäri şu kluba janköýerlik edýär. 2010-njy ýylda oňa klubyň minoritar paýdary hökmünde maýa goýmak teklip edilipdi, emma Jekman şol wagt bu teklipden ýüz öwrüpdi. Aktýor bu karary üçin soň kän ökünendigini boýun aldy.

Indi bolsa ýegre dosty hem-de «Dedpul we Rosomaha» filmi boýunça kärdeşi Raýan Reýnolds bu ugurda gazanan üstünligi Jekmanyň aýgytly hereket etmegine itergi berdi. Reýnolds «Reksem» klubunyň paýdarlarynyň biri. Onuň ýolbaşçylygynda bu topar 2022–2025-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna üç diwizion ýokary galmagy başardy.

«Men bu meselä gara çynym bilen üns berýän, hut häzirem şu babatda gepleşikleri geçirýän. “Karrou Roud” stadionynda birnäçe gezek boldum, “sarybilbilleri” örän gowy görýän hemem şu möwsümde hökman Premýer-liga çykjagymyza ynanýan. Meniň çaklamam şeýle. Şu möwsümde “Norwiç” bilen “Reksem” ýokary liga çykar» diýip, aktýor aýtdy.

Çempionşipde geçen dört tapgyrdan soň «Reksem» häzir 5 utuk bilen 11-nji orunda, «Norwiç» bolsa 3 utuk bilen 20-nji orunda barýar.

Eger Jekman klubuň eýesi bolup bilse, onuň «Norwiç» bilen «Reksemiň» arasyndaky ilkinji duşuşygyna kän garaşmaly bolmaz. Iki topar 2026-njy ýylyň 5-nji dekabrynda «Karrou Roud» stadionynda duşuşar. Jogap duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 16-njy martynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.