Argentinaly futbolçy Karlos Tewes 60 töweregi meşhur futbolçynyň gatnaşmagynda hoşlaşyk duşuşygyny guramaga taýýarlyk görýär.
Onuň The Goal neşirine gürrüň bermegine görä, oýna gatnaşjaklaryň arasynda Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messi hem bolaýmagy ähtimal. Eger iki beýik futbolçyny jemlemek başartsa, olar taryhda ilkinji gezek bir toparyň düzüminde oýnap görerler.
Tewes bäş ýyl ozal «Boka Huniors» toparynda karýerasyny tamamlapdy, ýöne henize çenli hakyky hoşlaşyk duşuşygyny geçirmändi. Indi şeýle çäräni 2026-njy ýylyň dekabrynda Buenos-Aýresdäki «La Bombonera» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Argentinaly futbolçy öz dostlaryny we ozalky egindeşlerini çagyrmak isleýär. Tewes Ronaldu bilen «Mançester Ýunaýtedde», Messi bilen bolsa Argentinanyň milli ýygyndysynda bile çykyş edipdi.
«Biz olary bir ýere jemläris» diýip, Tewes ynam bilen belleýär.
Duşuşygyň takyk senesi entek kesgitlenmedi. Mümkin bolan wagtlar hökmünde 2026-njy ýylyň 12–13-nji ýa-da 19–20-nji dekabry agzalýar.
31-nji awgustda Messi Argentina ýygyndysyndaky çykyşyny bes edendigini resmi taýdan tassyklapdy.
Karlos Tewes karýerasynyň dowamynda Argentinanyň «Boka Huniors», Braziliýanyň «Korintians», Angliýanyň «West Hem Ýunaýted», «Mançester Ýunaýted» we «Mançester Siti», Italiýanyň «Ýuwentus», şeýle hem Hytaýyň «Şanhaý Şenhua» klublarynda çykyş edipdi.