«Barselona» täze hemaýatkär tapyndy we «Kamp Nouwyň» ýanynda dynç alyş seýilgähini açar

Düýn, 22:303,896
1 / 3

«Barselona» «Kamp Nou» stadionynyň durkuny täzelemek işlerini we «Espai Barça» taslamasyny maliýeleşdirmek maksady bilen BAE-niň Ohana deweloperi bilen täze hemaýatkärlik ylalaşygyna gol çekdi. Şertnama 25 ýyldan gowrak möhlete niýetlenendir.

Täze ylalaşyga laýyklykda, 2027-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, 2029/30 möwsüminiň ahyryna çenli Ohana logotipi içki ýaryşlarda «Barselonanyň» köýnekçesiniň arka tarapynda peýda bolar. Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynda bolsa klubuň haýyr-sahawat gaznasy bolan «Fundació Barça-nyň» logotipi saklanyp galar.

Ylalaşygyň ilkinji üç ýylynda kompaniýa her möwsüm üçin kluba, takmynan, 10 mln ýewro tölär. Serişdeleriň 2-3 mln ýewro möçberindäki bir bölegi eýýäm öňünden töleg görnüşinde alyndy.

Logotipi formada ýerleşdirmegiň üçýyllyk möhleti tamamlanandan soň, Ohana «Barselonanyň» ygtyýarnama eýesine öwrüler we öz ýaşaýyş taslamasynda brendi ulanandygy üçin kluba ýylda 1 mln ýewrodan sähel köp töläp durar.

Ohana kompaniýasy Dubaýda, Abu-Dabide we Liwanda kaşaň willalaryň we kenarýaka jaýlaryň gurluşygyna ýöriteleşýän halkara lýuks derejeli deweloperdir.

Munuň bilen bir wagtda katalon kluby «Babylon Park» bilen hem uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Kompaniýa «Kamp Nouwyň» çägindäki çagalar dynç alyş seýilgähini dolandyrmak hukugyny alar.

Ylalaşyk bäş ýyldan gowrak möhlete niýetlenip, kluba tölemeli bellenilen tölegi, şeýle hem taslamanyň girdejisinden degişli paýy göz öňünde tutýar.

Täze şertnamalar «Barselonanyň» täjirçilik işjeňligini dowam etdirýär. Şu tomus klub Google bilen hem hyzmatdaşlyga başlady.

2025/26 möwsüminiň jemi boýunça «Barselonanyň» girdejisi taryhynda ilkinji gezek 1 mlrd ýewrodan geçdi. Geçen möwsümde bu görkeziji 994 mln ýewro deň bolupdy.

La Liganyň täze möwsümi 16-njy awgustda başlady we dört tapgyrdan soň Hansi Fligiň topary 12 utuk bilen ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.