BMW wodorodly X5 krossoweriniň synag nusgasyny görkezdi

Şu gün, 08:551,095
1 / 7

BMW köpçülikleýin önümçilige has golaýlan wodorodly iX5 Hydrogen krossoweriniň synag nusgasyny görkezdi. Häzirki wagtda awtoulaglar ýol synaglaryndan geçirilýär, kompaniýa bolsa geljekki model üçin zerur bölekleriň önümçiligini taýýarlamaga başlady.

Çaklamalara görä, iX5 Hydrogen 100 km/sag tizlige 5 sekuntdan hem az wagtda ýetip biler. WLTP sikline görä meýilleşdirilýän ýöriş ätiýaçlygy, takmynan, 750 km bolup, wodorod çeleklerini doldurmak bolsa bäş minutdan hem az wagty alar.

Üçünji nesildäki ýangyç elementleriniň köpçülikleýin önümçiligine taýýarlyk eýýäm Mýunhendäki Wodorod boýunça kompetensiýa merkezinde başlandy. Awstriýanyň Ştaýr şäherindäki BMW-niň hereketlendirijiler zawodynda bolsa, kompaniýa wodorodly ýangyç elementleriniň ulgamyny senagat derejesinde ornaşdyrmaga we köpçülikleýin önümçilige geçirmäge taýýarlyk görýär. Şol ýerde tehnologik amallar sazlanýar we işgärler okadylýar.

iX5 Hydrogen modelinde BMW bilen Toyota kompaniýalarynyň bilelikde işläp taýýarlan üçünji nesil ýangyç elementler ulgamy ulanylýar.

BMW täze nesil X5 modelini iýun aýynda tanyşdyrdy. Noýabr aýynda benzinli we dizelli, ýeňil gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan görnüşleri bazara çykar. 2027-nji ýylda plug-in gibrid görnüşleriniň peýda bolmagyna garaşylýar. Wodorod bilen işleýän iX5 Hydrogen modifikasiýasy bolsa çak bilen 2028-nji ýylda bazara çykarylar.