Watikanyň kitaphanasyny äpet tolkun gurşap aldy

Şu gün, 09:522,036
1 / 2

Watikanyň Apostol kitaphanasynyň öňünde beýikligi, takmynan, 30 metre, ini bolsa 70 metre ýetýän äpet agymtyl-çal tolkun peýda boldy. Fransuz suratkeşi JR tarapyndan döredilen «Diluvium» atly bu gurnama «AQVA: Catastrophe and Wonder» («AQVA: Apat we täsinlik») atly sergi üçin taýýarlandy.

Serginiň açylyş dabarasyna Rim papasy Lew XIV hem gatnaşdy. Bu onuň pontifik hökmünde Watikanyň kitaphanasyna ilkinji sapary boldy. Sapar onuň 71 ýaş toýuna-da gabat geldi.

«Diluvium» eserinde Injilde beýan edilýän bütindünýä suw joşguny şekillendirilýär. Eser fransuz suratkeşi Gýustaw Doreniň işinden ylham alnyp döredilipdir. Äpet tolkun kitaphananyň diwarynyň uzaboýuna ýaýylyp, serginiň töweregindäki giňişligi äpet tebigy betbagtçylygyň sahnasyna meňzedýär.

Serginiň özi suwuň iki dürli güýjüne bagyşlanýar: suw – ýaşaýşyň çeşmesi, suw – weýran ediji güýç.

Dürli ugurlara degişli eserleriň arasynda amerikaly çaphanaçy Bill Moranyň işleri, italiýaly aşpez Fulwio Pieranjelininiň eserleri, şeýle hem XVI asyrda ýaşan italiýaly tebigaty öwreniji Ippolito Salwianiniň balyklar we beýleki suw jandarlary baradaky ylmy işi bar.

Serginiň aýratyn bölümleriniň biri suwuň gadymy golýazmalary nädip zaýalap bilýändigi, şol bir wagtyň özünde bolsa, olary dikeltmek üçin nähili peýdalanylýandygy barada gürrüň berýär.

AQVA Watikanyň kitaphanasynda geçiriljek bäşýyllyk sergi tapgyrynyň ilkinji bölümi bolar. Geljekki ýyllarda sergilerde ot, ýagtylyk, mör-möjekler we ynsan ýaly temalara ýüzlenmek meýilleşdirilýär.

Tapgyryň ilkinji sergisi 25-nji sentýabrda açylyp, 14-nji maý aralygynda dowam eder.