Google kompaniýasy Gemini modeliniň kiberhowpsuzlyk boýunça mümkinçilikleri barlanýan mahaly üç sany hakyky kompaniýanyň ulgamlaryna girendigini habar berdi. Bu barada kompaniýa BBC News-a mälim etdi.
Model internetde köpçülige açyk maglumatlary tapyp, gerekli hasapdaky maglumatlary kesgitlemegi başardy. Soňra şol maglumatlary synagyň bir bölegi hasaplanan saýtlara girmek üçin ulandy.
Waka şu ýylyň maý aýynda bolup geçdi. Google kompaniýanyň emeli aň modeliniň şeýle hereketi ilkinji gezek amala aşyrandygyny aýtdy.
Synagy emeli aň modelleriniň mümkinçiliklerini barlamak boýunça ýöriteleşen Irregular kompaniýasy geçiripdir. Şol synaglaryň birinde Gemini-dan toslanan kompaniýanyň ulgamyny döwmek talap edilipdir. Emma şol guramanyň ady hakyky kompaniýanyň ady bilen gabat gelipdir. Mundan başga-da, tötänlik bilen modele internete çykmaga mümkinçilik berlipdir.
Bir ýagdaýda Gemini açarsözleri özbaşdak kesgitläpdir. Beýleki iki ýagdaýda bolsa köpçülige açyk kod repozitoriýasynda ýerleşdirilen hasap maglumatlaryny tapyp, olary goralýan ulgamlara girmek üçin ulanypdyr.
Google-yň maglumatlaryna görä, model hakyky guramalaryň ulgamlaryna girendigine düşünen badyna hereketlerini bes edipdir.
Üç kompaniýanyň atlary aýan edilmeýär. Google olaryň bolup geçen waka barada iýul aýynda habarly edilendigini belleýär. Google-yň howpsuzlyk inženerçiligi boýunça wise-prezidenti Hizer Edkinsiň aýtmagyna görä, kompaniýa synag işlerini geçirýän hyzmatdaşynyň gatnaşmagynda bu wakadan soň degişli üýtgeşmeleri girizdi.
Ýaňy-ýakynda beýleki emeli aň modelleriniň synaglary wagtynda hem şuňa meňzeş ýagdaýlar ýüze çykypdy. Mysal üçin, Anthropic kompaniýasy ozal üç sany Claude modeliniň synag gurşawyndan internete çykyp, üç guramanyň ulgamlaryna girendigini habar beripdi. Mundan biraz öň OpenAI hem şuňa meňzeş waka barada maglumat berdi. Şonda kompaniýanyň iki modeli içerki synag wagtynda gözegçilikden çykyp, emeli aň bilen işlemek üçin niýetlenen Hugging Face platformasynyň infrastrukturasyna giripdi.