Täze akylly düşegiň özi ýatyşyňa we dem alşyňa görä formasyny sazlaýar

Şu gün, 15:251,250
1 / 4

JD.com-da emeli aň bilen işleýän Jingzao X JoyInside AI Smart Mattress üçin köpçülikleýin maliýeleşdirme (kraudfanding) başlandy. Täze önümiň bahasy, subsidiýalary hasaba almak bilen, 9699 ýuandan (tas 1 450 dollardan) başlaýar.

Düşek 20 datçik, adam saglygyna gözegçilik ulgamy, ses arkaly işjeňleşdirilýän EA we bedeniň ýagdaýyny awtomatik sazlaýan funksiýa bilen üpjün edilen.

AutoFit tehnologiýasy 20 sany ýokary takyklykly datçikden alnan maglumatlary ulanýar we ony 10 zonaly sazlama ulgamyna geçirýär. EA hakyky wagtda düşegiň ýagdaýyny uklamazdan öň, uky wagtynda we ukudan soň sazlap bilýär. Çep we sag taraplarynyň hersi biri-birine garaşly bolmazdan sazlanýar.

Adamyň göwresine gözegçilik edýän ulgamynyň bolmagy bu modeliň esasy aýratynlygydyr. Iki režimli pýezoelektrik datçik alty duýujy gatlaga we 80 000 ölçeýji nokada eýe bolup, onuň jogap wagty 1 ms-den geçmeýär. Ol gan basyşynyň üýtgemelerini hem-de sähelçe hereketi ýazga alýar we ukynyň obstruktiw apnoe ýagdaýyny (dem alşyň saklanmagyny) anyklamak bilen birlikde saglyga gözegçiligiň 32 funksiýasyny özünde jemleýär.

Dem alyşda kynçylygyň bardygyny ýüze çykarsa, düşek göwräniň ýagdaýyny ýuwaşlyk bilen sazlaýar. Şeýle-de onda emeli aňly ukudan oýaryjy “jaň”, ses arkaly dolandyryş, gündelik, hepdelik we aýlyk hasabatlar göz öňünde tutulan.

Kelläniň ýagdaýyny 60°-a çenli, aýaklaryňkyny 40°-a çenli, biliň töweregini bolsa 10 sm-e çenli 1° aratapawut bilen sazlap bolýar. Goşmaça rahatlyk üçin, biliň we aýagyň töwereklerinde titrediji, şeýle hem grafen gyzdyryjyly howa gözegçiligi bar. Ulgam temperaturany sekuntda 2°C tizlikde ýokarlandyryp hem-de biliň we aýaklaryň töwereginiň tempraturasyny aýratynlykda sazlap bilýär.

Öndüriji düşegiň hereketlendirijisine 10 ýyllyk kepillik berýär.