Owadan, ýöne... iPhone 18 Pro-ny gaňyrmak başartmady, ýöne korpusy aňsat çyzylýar

Düýn, 20:253,945
1 / 2

JerryRigEverything lakamy bilen tanalýan meşhur bloger Zak Nelson iPhone 18 Pro-ny berklik synagyndan geçirdi. Smatfon gaňyrmak synanyşygyna we ot bilen geçirilen synaga döz geldi, ýöne alýumin gyralary hem-de yzky paneliniň örtügi ýiti päki bilen aňsat zaýalanýar.

Nelson täze smartfonlaryň dizaýnynyň we materiallarynyň öňki model bilen birmeňzeşdigi sebäpli, iPhone 17 Pro bilen deňeşdirilende synaglaryň netijelerinden uly tapawuda garaşmady. Geçirilen synaglar hem muny tassyklady: olar geçen ýylky modele meňzeş netijeleri görkezdi.

Bloger Ceramic Shield 2 gorag aýnasynyň berkligini ýene bir gezek belledi. Onuň ýüzünde görnetin çyzyklar Moos şkalasy boýunça 7-nji derejä çenli peýda bolmaýar, has çuň yzlar bolsa 8-nji derejede ýüze çykýar. Nelsonyň aýtmagyna görä, bu netije köp sanly premium smartfonlaryň görkezijilerinden ep-esli ýokarydyr.

Ot bilen geçirilen synag hem displeýe hiç hili zyýan ýetirmedi we onda yz galdyrmady.

Ýöne iPhone 18 Pro-nyň alýumin gyralaryny adaty päki bilen kynçylyksyz çyzyp boldy. Smatfonyň zky gapagy, aýratyn hem, kameralaryň töweregi ejiz bolup çykdy. Kameralaryň ýerleşýän ýerindäki reňkli örtük aňsatlyk bilen sypyrylýar, şol sebäpli korpusyň bu bölegi ilkibaşdaky daşky görnüşini derrew ýitirýär.

Ahyrynda Nelson, adatça bolşy ýaly, smartfony gaňyrmaga synanyşdy, ýöne bu başartmady. Konstruksiýanyň ygtybarlylygyna ýaramaz täsir edip biljek bug kamerasynyň ulaldylmagyna garamazdan, iPhone 18 Pro berk bolmagynda galýar.

Umuman alanyňda, bloger Apple-iň täze modeliniň hilini kanagatlanarlydygyny belledi.