Apple kompaniýasy güýzki tanyşdyrylyşynyň çäklerinde özüniň meşhur aksessuarlarynyň täze nesillerini — AirPods 5 simsiz gulaklygyny, şeýle hem Apple Watch Series 12 we Watch Ultra 4 akylly sagatlaryny tanyşdyrdy. Olaryň ählisi 18-nji sentýabrda satuwa çykar.
AirPods 5 simsiz gulaklygy
Gulaklyk ýene iki wersiýada hödürlenýär. Täze nesil öňki tanalýan dizaýnyny saklap galdy, ýöne AirPods Pro ýaly düýpli kämilleşdirildi. Esasy täzelik — modeliň iki görnüşi hem aktiw ses basyş (ANC) ulgamy bilen üpjün edildi. Gulaklyklar Apple Intelligence bilen bökdençsiz baglanyp, Live Translations janly terjime funksiýasyny goldaýar.
- Esasy wersiýa ($129): 50% gowulandyrylan aktiw ses basyş ulgamyny hödürleýär. ANC birikdirilen ýagdaýynda 4 sagada çenli üznüksiz işläp bilýär, gutujygyndan zarýad alanda bolsa 20 sagada çenli işleýär.

- Ýokary wersiýa ($149): esasy aýratynlygy – sesi gataltmak ýa peseltmek üçin gulaklygyň aýajygyndan çala aşak ýa ýokaryk sypamak ýeterlik. Şeýle-de, bu görnüş simsiz zarýad beriş ulgamynyň bolmagy we artdyrylan iş wagty — ANC bilen 5 sagada çenli we gutujyk bilen bilelikde 22 sagada çenli işlemegi bilen tapawutlanýar.
Apple Watch Series 12 we Ultra 4 akylly sagatlary
Akylly sagatlaryň iki modeliniň hem esasy täzelenmesi S11 prosessorynyň binýadyndaky täze Health Sensing System datçikler ulgamy boldy. Sagat her 5 sekuntdan ýürek urşuny ölçeýär, ýürek ritminiň üýtgemegine (HRV) ýygy-ýygydan gözegçilik bolsa stressi we organizmiň dikelmegini has takyk yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Ýene bir täzelik – organizmiň taýýarlyk görkezijisi. Sagatlar adamyň soňky işjeňligini, türgenleşigini, saglyk görkezijilerini we ukusynyň hilini seljerip, 0-dan 10-a çenli baha berýär. Soňra ulanyja degişli maslahaty hödürleýär.

- Apple Watch Series 12 ($399-dan başlanýar): 42 we 46 mm ölçeglerdäki täzelenen korpuslary aldy. Model alýumin, titan we täzelenen keramiki görnüşlerde elýeterlidir. Türgenleşiklerde iş wagty 10 sagada çenli artdy, 15 minutlyk çalt zarýad alyş bolsa 12 sagada çenli awtonomlygy üpjün edýär.
- Apple Watch Ultra 4 ($799-dan başlanýar): titandan ýasalan flagman modeli adaty režimde 50 sagada çenli, energiýa tygşytlaýjy režimde 84 sagada çenli we GPS arkaly türgenleşigi yzygiderli yzarlamak režiminde 25 sagada çenli işleýär.

Sagatlaryň iki modeli hem töwerekdäki möhüm sesleri saýgarmaga, Live Rewind arkaly gepleşikleriň soňky 15 sekuntynyň tekstini görkezmäge we Siri Recap arkaly gepleşikleriň gysgaça mazmunyny düzmäge ukyply Audio Intelligence ulgamyny aldy.
Şol bir wagtyň özünde, Apple audioýazgylaryň saklanyp galmaýandygyny belleýär.

