Apple kompaniýasy iPhone üçin göni iki sany oýun dolandyryjysyny işläp düzýär. Olaryň bazara Beats brendiniň ady bilen çykmagy mümkin. Bu barada Bloomberg neşiriniň synçysy Mark Gurman habar berdi.
Gurmanyň aýtmagyna görä, kompaniýa bu taslama bilen eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanýar, işlere bolsa Beats bölüminiň ýolbaşçylary gözegçilik edýär.
Enjamlar adaty dolandyryş düwmeleri – ugrukdyryjy halkalar, taýajyklar (stikler) we esasy düwmeler, şeýle hem titreme (wibrasiýa) arkaly duýduryş berýän ulgam bilen üpjün ediler. «macOS 26.7» ulgamynyň synag görnüşindäki kodlaryna görä, bu dolandyryjylaryň birinde giňişlikdäki hereketleri takyk yzarlamak üçin ýörite akselerometr we giroskop hem bolup biler.
Enjamlaryň daşky görnüşi, satuwa çykjak wagty we bahasy häzirlikçe mälim däl. Apple olary entek resmi taýdan görkezmedi. Bloomberg neşirinde çaklanyşy ýaly, kompaniýa olaryň kömegi bilen yzygiderli ösüp barýan ykjam oýun enjamlary bazaryna çykmagy maksat edinýär.
Iki sany dolandyryjy baradaky maglumatlary 9to5Mac neşiri hem ýüze çykardy. Olaryň kod belgileri «T6502» we «T1057» hökmünde görkezilýär.
Beats brendiniň saýlanylmagy Apple kompaniýasynyň täze enjamlaryň bahasyny has elýeterli etmäge çalyşýandygyny aňladyp biler. Soňky ýyllarda Beats gulaklyklaryň we ses enjamlarynyň çäklerinden çykdy. Häzirki wagtda ol iPhone üçin daşlyk we USB-C kabelleri hem satuwa çykarýar.
Apple kompaniýasy Beats brendini 2014-nji ýylda satyn alypdy. Häzirki wagtda Apple Store dükanynda Backbone One we SteelSeries Nimbus+ ýaly başga öndürijileriň oýun dolandyryjylary hem müşderilere hödürlenilýär.