Dunaýyň düýbünden 2200 ýyl ozal tutuş goşuny ýarag bilen üpjün edip biljek demir tapyldy

23.09.2026, 13:3810,348
1 / 2

Ýokarky Awstriýada alymlar Ýewropadaky iň uly gadymy demir çig malynyň tapyndysyny öwrendi.

Agramy bir tonnadan hem geçýän demir artefaktlar 2019-njy ýylyň ýazynda Dunaý derýasynyň ozalky hanasyndan çagyl çykarylýan wagty ekskawator arkaly tötänleý ýerden galdyryldy. Işgärler tapyndyny öz wagtynda ýadygärlikleri goraýan hünärmenlere tabşyrdy. Insbruk uniwersitetiniň alymy Peter Trebşe bilen Belfor-Monbelýar tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmeni Marion Beranže tapyndy boýunça geçiren gözlegleriniň netijelerini Antiquity žurnalynda çap etdi.

Tapyndy 540 sany bölekden ybarat bolup, olaryň, takmynan, 500-si giçki demir asyrynyň laten döwrüne (takmynan, b. e. öňki II asyra) degişli goşa piramida görnüşli çig maldyr. Radiouglerod seljermesi olaryň keltleriň eýýamyna degişlidigini doly tassyklady.

Trebşäniň sözlerine görä, bu metaldan, ýenjilendäki ýitgileri hem hasaba alanyňda, takmynan, 500 sany gylyç ýasap bolardy.

Alymlar çig malyň derýa gämisi arkaly daşalandygyny we onuň heläkçilige uçrandygyny çaklaýar. Çig malyň çeşmesi hökmünde Bawariýanyň gadymy metallurgiýa merkezleri görkezilýär.

Bu tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki III–II asyrlarda hem Dunaý sebitinde senagat möçberindäki ulgamlaýyn metal söwdasynyň alnyp barlandygyny subut edýär. Häzir barlagçylar ony daşamak üçin ulanylan takyk ýoly kesgitleýär.