Apple kompaniýasynyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda wezipä geçen täze baş direktory Jon Ternus önümleri işläp düzmegi çaltlandyrmak we enjamlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen kompaniýada giň gerimli gaýtadan üýtgedip gurmak işlerini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meýilnamalary Ternus öz kärdeşleri bilen maslahatlaşdy diýip, «Bloomberg» habar berýär.
Kompaniýanyň täze ýolbaşçysy emeli aň eýýamynda bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin Apple täze önümleri bazara has çalt çykarmaly we olar bilen synag geçirmeli diýip hasaplaýar.
Häzirki wagtda kompaniýa ýazda we güýzde geçirilýän adaty tanyşdyryşlara kän bil baglaman, täze önümleri ýylyň dowamynda has ýygy-ýygydan bazara hödürlemek, şol bir wagtyň özünde, ortalyk wezipeleriň käbirini ýatyrmak hem-de inženerler bilen ýokary ýolbaşçylaryň arasyndaky aralygy gysgaltmak mümkinçiliklerini öwrenýär.
Soňky iki hepdede kompaniýanyň enjamlaýyn inženerlige jogap berýän bölüminde we beýleki bölümlerde eýýäm birnäçe menejerler hem işgärler işden çykarylyp başlandy. Ternus kompaniýanyň az işgär sany bilen has köp işi ýerine ýetirmelidigini nygtaýar.
Geljek ýyl üçin kompaniýa içki kameralary bolan AirPods gulaklyklaryny, ilkinji «akylly» äýnegi we täzelenen aýfony çykarmagy meýilleşdirdi. Ternus tanyşdyrylyş dabaralarynyň möhletlerine gaýtadan seredip, täze önümleriň tutuş ýylyň dowamynda çykyp durmagyny ýola goýmak isleýär.
Ýöne işgärleriň pikiriçe, köpden bäri hereket edýän bu düzgünleri üýtgetmek kyn bolar we muňa birnäçe ýyl gerek bolup biler.
«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, kompaniýa çykdajylary azaltmak boýunça hem çäreleri görýär. Şeýle-de Ternus täze girdeji çeşmelerini we bar bolan önümlerden gelýän girdejini artdyrmagyň ýollaryny gözleýär.