Tim Kukuň ýolbaşçylyk eden döwründe Apple-yň paýnamalary 2258% ösdi

02.09.2026, 18:102,823

Bloomberg agentliginiň bellemegine görä, Tim Kukuň ýolbaşçylyk eden 15 ýylynyň dowamynda Apple  kompaniýasynyň paýnamalary 2258% ösüş görkezdi.

Deňeşdirsek, edil şol döwürde Google-yň paýnamalary 2150% töweregi ösen eken.

Kuk 2011-nji ýylyň awgustynda Stiw Jobsuň ornuna geçip, kompaniýa baş direktor (CEO) bolupdy. Indi bolsa, 1-nji sentýabrdan başlap, bu wezipä Jon Ternus bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Kuk hem Apple-den doly üzülip gitmedi-de, Direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygynyň wezipesini eýeledi.

​Ýeri gelende, Ternus hem turuwbaşdan kompaniýanyň örän ýokary ynamyny gazanmagy başardy. Geljekki maliýe ýylynda onuň binýatlyk zähmet haky 3 million dollara bolar, ýene 55 million dollary bolsa ol paýnama görnüşde alar. Mundan başga-da, oňa adatça iki ýyllyk binýatlyk zähmet hakyna deň bolan pul baýraklarynyň hem berilmegi göz öňünde tutulýar.

​Kuk täze wezipä geçenden soň, öňki 3 million dollar zähmet hakynyň ornuna ýylda 2 million dollar binýatlyk zähmet hakyny alyp başlar. Oňa hem 45 million dollar möçberinde Apple-yň paýnamalary bellenildi. 2025-nji ýylda Kuk baş direktor wezipesinde 74,3 million dollar gazanypdy.

​Ternusyň enjamlaýyn üpjünçiligi işläp düzmek boýunça uly wise-prezident wezipesinde işlän wagty näçe zähmet hak alandygyny Apple aýan etmeýär. Ýöne, umuman alanyňda, beýle wezipelerde ýylda takmynan 25 million dollar töweregi pul sylagy göz öňünde tutulýar.

​Häzirki maliýe ýylynda Ternusa ýene-de 2,5 million dollar möçberinde Apple paýnamalary degişli bolar. Iki ýolbaşçynyň hem kömek pulunyň bir bölegi Apple paýnamalarynyň nyrhlaryna we bazaryň beýleki görkezijilerine bagly bolar.