Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2026) çäginde ýurduň döwlet düzümleriniň, hususy kärhanalarynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe resminama gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.
Gazanylan ylalaşyklar:
- Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň «OnU H&C» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaýyň «CSCEC International Construction Co., Ltd.» («China State Construction Engineering Corporation») kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Damen Workboats B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek Ähtnamasy;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Hytaýyň «Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Technical Cooperation B.V.» we «Liamol Trading GmbH» kompaniýalarynyň arasynda 2026–2036-njy ýyllarda Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýyş, deňiz tehnologiýalary we ýerli önümçilik ugurlarynda strategik hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek Ähtnamasy;
- «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýanyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda Şertnama;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň arasynda Şertnama bar.
Türkmenistanyň maýa goýum forumy şu gün, 2-nji oktýabrda öz işini tamamlar.
Forumyň birinji gününde geçirilen tematik mejlislerde nebitgaz we himiýa senagatyny, energetikany, ulag geçelgelerini, söwdany, oba hojalygyndaky işewürligi we gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň ikinji gününiň maksatnamasyna ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek, maýning tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, sanly we «ýaşyl» özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle-de maýa goýumlary hukuk taýdan düzgünleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar girizildi.