Alymlar garry donor ýürekleriniň ýaş bedende «ýaşarýandygyny» anykladylar

Düýn, 16:291,857

Göçürilip oturdylan ýüregiň biologik ýaşy onuň ýerleşdirilen bedeniniň ýagdaýyna baglylykda belli bir derejede üýtgäp bilýär. Syçanlarda we adamlarda geçirilen barlaglaryň netijelerini öwrenen alymlar şeýle netijä geldiler.

Täze barlagyň netijeleri bioRxiv serwerinde preprint görnüşinde çap edildi.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, ýüregiň ýaşy ony göçürip oturtmakda, ozal pikir edilişi ýaly, berk çäklendirme bolup bilmez. Sebäbi garry donorlardan alnan ýürekler ýaş näsaglara göçürilip oturdylandan soň, käbir biologik garrama alamatlaryny bölekleýin dikeldip bilýär.

Synagyň dowamynda alymlar ýaş, orta ýaşly we garry syçanlaryň ýüreklerini beýleki syçanlara göçürip oturtdylar. Şunda ýüregi kabul eden haýwanlaryň öz ýüregi hem bedeninde galdyryldy. Soňra barlagçylar DNT-niň metilirleniş derejesini öwrendiler. Bu — ýaş bilen bagly üýtgeýän we biologik garramany bahalandyrmak üçin ulanylýan himiki özgermelerdir.

Barlagyň netijeleri ýaş ýürekler garry syçanlara göçürilip oturdylanda, olaryň biologik ýaşynyň ulalandygyny görkezýän alamatlaryň ýüze çykýandygyny, garry ýürekler ýaş syçanlaryň bedenine ýerleşdirilende bolsa, tersine, ýaşarma alamatlarynyň peýda bolýandygyny görkezdi. Organlaryň ýaşyny kesgitlemegiň beýleki usullary arkaly geçirilen seljermelerde hem şuňa meňzeş üýtgeşmeler ýüze çykaryldy.

Alymlaryň pikirine görä, ýüregiň ýagdaýyna tutuş bedeniň içki gurşawy täsir edýär. Bu ýagdaýda immun ulgamy, bedeniň zeperlenen dokumalary dikeltmek ukyby we beýleki biologik ýagdaýlar möhüm orun eýelemegi mümkin.

Barlagçylar öýjükleriň energiýa öndürmegine jogap berýän mitohondriýalaryň işjeňliginde hem üýtgeşmeleri ýüze çykardylar. Ýaş syçanlaryň bedenine göçürilip oturdylan garry ýüreklerde mitohondriýalar bilen baglanyşykly genleriň işjeňligi ýokarlanan bolsa, garry syçanlara geçirilen ýaş ýüreklerde bu işjeňlik peselipdir.

Ýüregi göçürilip oturdylan 11 näsagyň nusgalary boýunça geçirilen goşmaça seljerme hem şuňa meňzeş netijeleri görkezdi. Olarda organlaryň biologik ýaşy, donoryň ýaşyna garanyňda, ýüregi kabul eden adamyň ýaşy bilen has ýakyndan baglanyşykly bolup çykdy.

Alymlar alnan netijeleriň entek goşmaça barlaglary talap edýändigini belleýär. Şeýle-de bolsa, geljekde bu açyş häzirki wagtda ýaşy sebäpli göçürip oturtmak üçin ýaramsyz hasaplanýan donor organlaryny ulanmak baradaky çemeleşmelere täsir edip biler.