Winsent Wan Goguň «Gülleýän kaştan» atly suraty 50 ýyllap diýen ýaly köpçülige görkezilmedi. Indi ol noýabr aýynda Nýu-Ýorkda Sotheby’s auksionynda satylar.
Auksion öýi bu eseri 180 million dollar möçberinde bahalandyrýar — eger şeýle bahadan satmak başartsa, ol suratkeşiň eserleriniň arasynda täze rekord goýup biler.

Surat Wan Goguň ömrüniň soňky iki aýynda, Sen-Remi-de-Prowansdaky psihiatrik klinikadan çykanyndan soň, Ower-sýur-Uazda çekilipdi. Ol ýerde suratkeş bir ýyllap öz meýli bilen bejergi alypdyr.
Sotheby’s öýüniň baha bermegine görä, bu döwrüň eserleri durmuşy güýç we hyjuwlylyk bilen tapawutlanýar. «Gülleýän kaştan» suraty doýgun reňk öwüşginleri bilen hem saýlanýar.
Şol bir bäsleşikli söwdada Pol Sezannyň «Arlekin» suraty hem hödürlener, ol hem ýarym asyra golaý wagt bäri köpçülige görkezilmedi. Oňa 120 million dollar möçberinde baha kesilýär. Bu suratkeşiň Arlekin şekillendirilen dört suratynyň biri we olaryň arasynda häzirki wagtda hususy eýeçilikde bolan ýeke-täk suratdyr. Eger garaşylýan bahalar tamany ödese, bu iş Sezann üçin hem täze auksion rekordyny goýup biler.

Iki surat hem 1970-nji ýyllardan bäri argentinaly işewür Karlos Pedro Blakýer bilen sungat howandary Nelli Arrieta de Blakýeriň durmuş gurmagyndan dörän Blakýe-Arrieta maşgalasynyň kolleksiýasyna girýär. Wan Gogdan we Sezanndan başga-da, bu ýygyndyda Klod Mone, Pýer-Ogýust Renuar we Kamil Pissarro ýaly ussatlaryň eserleri bar.
Sotheby’s kolleksiýadan jemi 12 eseri bäsleşikli söwda çykarar. Auksion öýüniň hasaplamalaryna görä, olar 450 million dollar ýa-da şondan hem köp girdeji getirip biler. 2020-nji ýylda Nelliniň we 2023-nji ýylda bolsa Karlosyň aradan çykmagyndan soň, olaryň perzentleri eserleri satmak kararyna geldi.