7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtyň Halkara howa menzilinden ugran döwlet Baştutanynyň uçary biraz wagtdan Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy diýip, TDH habar berýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylanyldy. Soňra döwlet Baştutany «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Bu saparyň çäklerinde Awazada möhüm halkara çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu gün bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.