Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň adaty haryt çalşygyna derek, birnäçe döwletleriň kärhanalarynyň bilelikde ahyrky önümi öndürýän durnukly önümçilik zynjyryna geçmegi teklip etdi. Ol bu pikiri «Awazada» geçirilen Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygynda orta atdy.
Mirziýoýewiň teklibine görä, 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk ýurtlaryň umumy geografiki ýerleşişine, söwda päsgelçilikleriniň yzygiderli aradan aýrylmagyna we bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanmalydyr.
«Biz eýýäm adaty söwda hyzmatlarynyň ýeterlik bolmaýan pursatyna gelip ýetdik. Bilelikde soňky önümi öndürmek gerek. “Alty ykdysadyýet — bir önüm” diýen formula biziň ymtylmaly ugrumyzyň manysyny gowy beýan edýär» diýip, THP özbek Lideriniň sözüni getirýär.
Mirziýoýew birnäçe ýurduň kärhanalarynyň bir önümçilik zynjyryna birikmeginiň bilelikde önüm öndürmäge we ykdysadyýetleriň arasynda adaty haryt çalşygyndan has berk baglanyşyklary döretmäge mümkinçilik berýändigini düşündirdi.
Gaýtadan işlemegi we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen Mirziýoýew 2027-nji ýylda ilkinji «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» biznes-forumyny geçirmegi hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny maliýe-tehniki taýdan goldamak üçin ýörite platforma döretmegi öňe sürdi. Bu platforma taslamalaryň hünärmenler tarapyndan taýýarlanmagyny we düşnükli maliýe gurallaryny üpjün etmelidir.
Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti bu meseleleri Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisde Söwda we maýa goýum ministrleriniň geňeşiniň jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagyny tabşyrdy.