TOPH-dan Hazary özleşdirmäge çenli: OGT 2026-da 75 ýurtdan pudak wekilleri jemlendi

21.10.2026, 19:073,112
1 / 14

Şu gün, 21-nji oktýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli forum dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1700-den gowrak wekili, şol sanda iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. tmcars.news-iň habarçysy serginiň gerimine wakanyň bolýan ýerinde baha berdi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara düzümleriň wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, daşary ýurtly maýadarlara we hyzmatdaşlara geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda giň mümkinçilikleri döretmegini dowam etdirer.

Sergi meýdançasynda dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň 130-dan gowrak iri kompaniýasy we milli edaralar öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Bu ýerde uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi tanyşdyrylýar.

Şeýle-de, pudaga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak boýunça gazanylan üstünlikler görkezilýär.

Forumyň hyzmatdaşlarynyň we hemaýatkärleriniň hatarynda SOCAR, Dragon Oil, CNPC, PETRONAS, SLB, Petrofac, Sinopec we Baker Hughes ýaly dünýä belli iri kompaniýalar bar. Belläp geçsek, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyna 20 ýyl, Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyna bolsa 30 ýyl doldy.

Serginiň esasy innowasion täzelikleriniň biri, gelýän myhmanlary emeli aň bilen üpjün edilen ALI atly adampisint robotyň garşylamgy boldy. Ol sergä gatnaşyjylary ýurduň nebitgaz düzümleriniň alyp barýan işi we forumyň ähmiýeti bilen tanyşdyrdy.

Forumyň çäginde B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar hem geçirildi. Işewürlik duşuşyklary Türkmenistanyň milli energetika edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine maýa goýum tekliplerini, tehnologik hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda halkara maslahat we plenar mejlisler geçirildi. Olarda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde buraw işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

Çykyş edenler özara bähbitli ugurlarda uzak möhletli şertnamalary baglaşmaga, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda, şeýle-de halkara ylmy-tehnologik kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz kän toplumlaryny özleşdirmek, metan zyňyndylaryny azaltmak we gazhimiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Forum panel maslahatlary bilen dowam etdi. Öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Maslahatyň dowamynda iň täze geologiýa maglumatlary we geljegi uly maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy.

Halkara forumyň galan günlerinde hem mejlisleri, tegelek stol duşuşyklaryny geçirmek, hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek we KHBS-iň wekilleri üçin metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.