«Türkmennebit» we «Türkmengaz» daşary ýurt kompaniýalary bilen resminamalara gol çekdi

Düýn, 10:454,122
1 / 2

22-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» XXXI Halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda üç sany şertnama hem-de iki sany özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

«Türkmennebit» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň (CNOOC) arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama «Türkmennebit» konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we CNOOC korporasiýasynyň başlygy Çjan Çuanszýan gol çekdi.

Şeýle hem «Türkmennebit» bilen Malaýziýanyň Malaysian Petroleum Resources Corporation korporasiýasynyň arasynda nebitgaz hyzmatlary we enjamlary ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, pudaklaýyn düzümleriň tehnologik binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada şertnamalara gol çekildi. «Türkmennebit» döwlet konserni Hytaýyň TENERGY TIANJIN CO., LTD kompaniýasy we Gazagystanyň KSP Steel kompaniýasy bilen degişli ylalaşyklary baglaşdy.

Öz gezeginde, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň «Galperin adyndaky Daşkent turba zawody» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda dürli diametrli turbalary satyn almak barada şertnama gol çekildi. Resminama Türkmenistanyň döwlet ministri, «Türkmengaz» konserniniň başlygy Maksat Babaýew we zawodyň direktory Wiktoriýa Susepina gol çekdi.