Gresiýanyň parlamenti 15 ýaşdan kiçi çagalaryň we ýetginjekleriň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan edýän kanun taslamasyny tassyklady. Gresiýanyň ERT teleýaýlymynyň habar bermegine görä, çäklendirme 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.
Kanun taslamasyny döwletiň ministri Akis Skertsos hödürledi. ERT-niň maglumatlaryna görä, parlamentiň umumy mejlisinde taslamany häkimiýet başyndaky «Täze demokratiýa» partiýasynyň deputatlary goldady, beýleki partiýalaryň wekilleri bolsa oňa garşy çykdylar ýa-da ses bermekden saklandylar.
Gresiýanyň premýer-ministri Kiriakos Mitsotakis bu gadagançylygy girizmek meýilnamasyny aprel aýynda yglan edipdi. Ol bu başlangyjy sosial torlaryň çagalaryň ruhy saglygyna ýetirýän täsiri baradaky aladalar bilen düşündirdi.
Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial torlardan peýdalanmagyny çäklendirmek baradaky şuňa meňzeş çäreler beýleki ýurtlarda-da ara alnyp maslahatlaşylýar. Olaryň arasynda Daniýa, Ispaniýa, Türkiýe, Günorta Koreýa we Beýik Britaniýa bar. Bu ýurtlaryň umumy maksatlary bir bolsa-da, degişli çäräniň düzgünleşdiriş usullary we çäklendirmeleriň giriziljek möhletleri birmeňzeş bolman biler.