Ryanair-iň ýolagçysy döwlen illýuminatordan daşyna tas uçup gidipdi

Düýn, 16:043,596

Ryanair awiakompaniýasynyň gatnawynda bir erkek kişiniň ýarpy göwresi uçaryň döwlen illýuminatoryndan daşyna tarap dartyldy. Bu waka 10-njy iýulda, anna güni Gresiýanyň Saloniki şäherinden Germaniýanyň Memmingen şäherine ugran uçar gatnawynda bolup geçdi.

Gresiýanyň ERT News neşiriniň berýän maglumatyna görä, uçar asmana galandan birnäçe minut soň, hereketlendirijiden bir şaý gopup, illýuminatora urulýar we aýnany döwýär. Netijede, gapdalda oturan erkek kişini güýçli howa akymy daşyna tarap çekip başlaýar.

The Guardian neşiri ejir çeken adamyň 61 ýaşly Serbiýanyň raýatydygyny anyklady. Ony gapdalynda oturan aýaly halas edýär. Has dogrusy, zenan adamsynyň aýaklaryndan tutup, alyp galmagy başarýar. Ýolagçy haýran-serasyma ýagdaýda we buzly şemalyň çalmagy sebäpli dörän sowuk urma bilen hassahana ýerleşdirildi.

Waka bolan badyna uçaryň uçuş ekipažy uçary yzyna, Saloniki şäheriniň howa menziline gondurdy. Bolup geçen ýagdaýda başga ejir çekeniň ýokdugy aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.