Türkmenistan şu ýyl 80 mlrd kub metr gaz we 8 mln tonna nebit çykarmagy maksat edinýär

Düýn, 18:022,236

«Türkmengaz» döwlet konserni 2026-njy ýylda, takmynan, 80 milliard kub metr gaz, «Türkmennebit» döwlet konserni bolsa 8 million tonna nebit çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada döwlet konsernleriniň wekilleri «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara sergisiniň we maslahatynyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň aýtmagyna görä, 2027-nji ýylda hem gaz çykarylyşynyň durnukly derejede saklanmagyna garaşylýar. Çykaryljak tebigy gazyň 40 milliard kub metre golaýy daşary ýurtlara eksport ediler, esasy alyjylar hökmünde bolsa Hytaý we Özbegistan çykyş edýär.

Şeýle hem 2027-nji ýylda TOPH halkara gaz geçirijisiniň owgan bölegi arkaly gaz ibermegiň meýilleşdirilýändigi, häzirki wagtda taslamanyň jemleýji tapgyrdadygy bellenilip geçildi.

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76,5 milliard kub metr tebigy gaz hem-de 8,38 million tonna nebit çykarylypdy.

OGT 2026 forumy  23-nji oktýabrda öz işini tamamlady. Oňa 75 ýurtdan 1700-den gowrak pudak wekili gatnaşdy.