Toyota Camry we kubok: Aşgabatda ýylyň iň edermen alabaýy sylaglanyldy

Şu gün, 18:084,289

Şu gün Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bäsleşikde paýtagtda ýaşaýan hususy itşynas Agageldi Bakeýewe degişli Akgaýa atly alabaý ýeňiji boldy diýip, THP habar berýär.

Baş baýrak hökmünde ýeňijä «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag gowşuryldy.

Baýramçylyk dabaralary Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Olara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, hünärmenler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Toplumyň açyk manežine bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar ýetirildi.

Bäsleşigiň dowamynda alabaýlar eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler. Itleriň diňe bir daş keşbine däl, eýsem, taýýarlygyna, çalasynlygyna, başarjaňlygyna we päsgelçiliklerden geçýän wagtyndaky hereketleriniň takyklygyna aýratyn üns berildi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Akgaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen ada mynasyp boldy. Onuň eýesine «Toyota Camry» kysymly awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri hem yglan edildi. Bu bäsleşik halyçylyk, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, neşir önümleri we wideoşekilleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine aldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdiler.