TDHÇMB-niň başlygy Wenada söwda gatnaşyklary we birža meselelerini maslahatlaşdy

Şu gün, 13:25746
1 / 2

22–23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy.

Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öwrenmekden, söwda aragatnaşyklaryny giňeltmekden we birža söwdasy ulgamynda öňdebaryjy Ýewropa tejribesini ornaşdyrmakdan ybaratdy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Awstriýanyň esasy ykdysady institutlarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe gepleşikleri geçirdi. Batyr Wolsahatow Wenanyň oba hojalyk önümleriniň biržasynyň prezidenti Ernst Gaus we biržanyň kätibi Karl Şnaýder bilen özara pikir alyşdy.

Mundan başga-da, Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň (WKÖ) Günorta-Gündogar Ýewropa we Gündogar Ýewropa/Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň ýolbaşçysy Dražen Maloça bilen aýratyn duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar birža ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň özara üpjünçiligini artdyrmak we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek meselelerine üns berdi. Wenadaky duşuşyklar Türkmenistanyň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky täjirçilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge şert döretdi.