Litwanyň Döwlet goranyş geňeşi 2032-nji ýyldan başlap, erkek raýatlary hökmany harby gulluga köpçülikleýin çagyrmak barada karar kabul etdi. Bu barada ýurduň prezidenti Gitanas Nauseda habar berdi diýip, LRT neşiri ýazýar.
Harby gulluga 18 ýaşdan 22 ýaşa çenli ýaş ýigitler çagyrylar. Gyzlar bolsa, ozalkysy ýaly, harby gulluga meýletin esasda girip bilerler.
Häzirki wagtda Litwanyň goşunyna her ýyl 5 müňe golaý ýaş ýigit harby gulluga çagyrylýar. Ähli erkek raýatlar üçin hökmany harby gulluk düzgüni girizilenden soň, bu görkezijini ýylda 7,5 müňe ýetirmek meýilleşdirilýär. Çagyryljaklaryň sany kesgitlenende, ýurtdaky demografik ýagdaý we harby gulluga ýaramly raýatlaryň sany göz öňünde tutuldy.
Litwada hökmany harby gulluk 2008-nji ýylda ýatyrylypdy, emma 2015-nji ýylda gaýtadan dikeldildi. Başlangyç harby gullugyň adaty möhleti dokuz aý bolup, harby hünäri bolan käbir raýatlar üçin bu möhlet üç aýdan ybaratdyr.