120 minutda on ýumuş: Türkmenistanda maliýe hasabatlylygy boýunça bäsleşik geçiriler

Şu gün, 16:401,480

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik 27-nji noýabrda sagat 12:00-da geçiriler.

Olimpiada özbaşdak bäsleşik görnüşinde türkmen, iňlis we rus dillerinde geçer. Ugruna (hünärine) we ýylyna garamazdan, her ýokary okuw mekdebinden dörtden köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.

Talyplar 120 minutyň içinde «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça 10 ýumuş çözmeli bolar. Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer.

Hasaba alyş 21-nji noýabra çenli dowam eder. Gatnaşmak üçin talyplar baradaky maglumatlary info@tdmai.edu.tm elektron poçtasy arkaly ibermelidir.

Netijeler toplanan ballaryň jemine görä kesgitleniler. Olar institutyň resmi saýtynda çap ediler. Olimpiadany geçirmegiň şertleri we arzalary tabşyrmagyň tertibi baradaky goşmaça maglumatlar hem şol saýtda ýerleşdirilendir.

Guramaçylar bäsleşigiň zehinli talyplary ýüze çykarmaga, olaryň maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga we amaly başarnyklaryny ösdürmäge ýardam etjekdigine umyt bildirýär. Şeýle hem olimpiada türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki gatnaşyklary berkitmäge hem-de talyplaryň we mugallymlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.