3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi. Pol Kapur ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýandygyny belläp, ýurduň BMG bilen hyzmatdaşlygyna we ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ornuna ýokary baha berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň saparynyň çäginde geçiriljek Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda «C5+1» formatyndaky işjeň dialogyň, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Waşingtona hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň Florida ştatyna amala aşyran saparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Söwda-ykdysady ugurda Jack Nicklaus Design, John Deere, Case New Holland we Boeing ýaly iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy hem-de «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň möhüm ornunyň bardygy nygtaldy. Ýakynda Aşgabatda bu geňeşiň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigine üns çekildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-logistika we möhüm mineral serişdeler ugurlarynda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, sebit ähmiýetli «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi babatda ABŞ-nyň goldawyna ýokary baha berilýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.