Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Federal Geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün, 09:46528
1 / 2

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara Awstriýada uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Belleniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, Aleksandr Wan der Bellene iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany Awstriýanyň Ýewropa sebitinde öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlaryň biridigini, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýedigi, iki ýurduň BMG-niň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýandygy bellenildi. Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň köp babatda gabat gelmegi halkara giňişlikde hereketleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutany parlament diplomatiýasynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli guraldygyny aýratyn belledi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Awstriýanyň Parlamentiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmek, kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada gürrüň edildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylyp, Awstriýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandy, hususan-da, ulag tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlary üçin öňdebaryjy enjamlary satyn almak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmakda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň uly ähmiýeti nygtaldy.

Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň ýakynda bellenilen Milli baýramy mynasybetli Kristina Şwarz-Fuksy we ýurduň halkyny tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.