Marten Buige Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

05.11.2026, 15:333,761
1 / 2

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Pariž şäherinde Fransiýanyň Bouygues toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Marten Buige Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýokary sylagy döwlet Baştutanynyň adyndan ýurduň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew gowşurdy.

Diplomat bu sylagyň Marten Buigiň döwletara dialogy pugtalandyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nyşanydygyny nygtady. Ilçi Bouygues kompaniýasynyň Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ornunyň bardygyny belledi.

Marten Buig bu ýokary sylag üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Onuň bellemegine görä, hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň özboluşly ösüş ýoluna eýerýändigini, parahatçylygy ileri tutýandygyny we dialogy ösdürmäge ygrarlydygyny şöhlelendirýär.

Işewür öz çykyşynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyna, ahalteke bedewlerine we halyçylyk sungatyna aýratyn ünsi çekdi. Ol gowşurylan medalyň Bouygues topary üçin Türkmenistandaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigini nygtady.