Tesla yzyndan gelýän 18 kompaniýany goşanyňdakydan hem has köp ulag satdy

22.06.2023, 19:3716,763

Telsa 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da sanawda özünden soň gelýän öňdebaryjy 18 kompaniýany bilelikde alandakydan hem has köp mukdarda elektromobil satdy. Netijede, Tesla ABŞ-daky elektrik awtoulag bazarynyň 63% -ini diýen ýaly eýeledi.

Model Y krossoweri iň köp satylan model bolup galdy, ondan soň Model 3 gelýär. Iň meşhur elektrik ulaglarynyň arasynda Chevrolet Bolt EUV, Volkswagen ID. 4 we Chevrolet Bolt tapawutlanýar.
Umuman alanyňda, ABŞ-da elektromobil satuwy birinji çärýekde birtopar ulaglara (Tesla-ny hem goşmak bilen) 7500 dollara çenli bolan salgyt karzynyň girizilmegi bilen, täsirli 79% ösdi. Şol bir wagtyň özünde bu artykmaçlyklar Hyundai, Nissan, BMW, Audi we Volvo ýaly awtoulaglara degişli däldir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.