BMW baş müdir Oliwer Sipseniň şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy

30.09.2023, 17:4814,473

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW) awtoöndürijisiniň gözegçilik geňeşi kompaniýanyň dolandyryjy başlygy Oliwer Sipseniň şertnamasyny 2026-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Sipse 2019-njy ýylyň awgust aýyndan bäri BMW-niň baş müdiridir.

“Onuň kompaniýanyň başynda işläp başlanyndan bäri BMW elektromobil hataryny ep-esli giňeltdi we häzirki wagtda özüniň ähli esasy segmentlerinde diýen ýaly doly derejeli elektrik modellerini hödürleýär. Mundan başga-da, täze nesil Neue Klasse awtomobilleriniň üstünde işlenip başlandy, olaryň önümçiligi 2025-nji ýylda başlar” – diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde bellenilýär.

2023-nji ýylyň başyndan bäri BMW-niň kapitallaşdyrmasy 15,5% artdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.