Ford ugruny üýtgedýär: kompaniýa gibridlere ünsi jemlär

07.04.2024, 15:4710,529

Ford kompaniýasy iki sany täze elektromobiliniň – 2025-nji ýylda bazara çykmaly pikapyň we ýedi orunlyk krossoweriň çykyş möhletini 1-2 ýyl yza süýşürdi. Kompaniýa elektrokar bazarynyň ösüşiniň haýallamagy sebäpli elektrikleşdiriş strategiýasyny düzetmek kararyna geldi diýip, auto.ru habar berýär.

Ýakyn geljekde konsern gibrid modellere ünsi jemlär. Ford 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk Amerikada ähli awtomobilleriniň gibrid görnüşlerini hödürlemegi meýilleşdirýär.
Şol bir wagtyň özünde, awtoöndüriji doly batareýa işiniň ösüşine maýa goýmagy dowam etdirer. Kompaniýa gijikdirilmegiň elektrik modelleri iň täze tehnologiýalar we ýokary sygymly akkumulýatorlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.