Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

12.07.2025, 08:019,776

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” tassyklanyldy. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin olaryň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek we güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.