Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

10.01.2026, 11:5917,455

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň 2026-njy ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýerler garamagyndaky pudaklarda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdiler.

Hususan-da, H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň; B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynyň, B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň, N.Atagulyýew söwda toplumynyňB.Seýidowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, B.Orazdurdyýewa ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň, R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, M.Çakyýew ulag-aragatnaöyk toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamamalaryny hödürlediler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, iş meýilnamalaryny makullady hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.