Haýbatly görnüşde täze Toyota Corolla Cross Z Adventure hödürlendi

Şu gün, 15:241
1 / 3

Ýaponiýada Toyota Corolla Cross krossoweriniň modeliň 60 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp çykarylan Z Adventure atly ýörite görnüşiniň tanyşdyrylyşy boldy. Ulag alan üýtgeşmeleriniň netijesinde daşky görnüşi boýunça özünden uly model bolan RAV4-üň restaýlingden öňki wersiýasyna meňzeş boldy.

Täze Corolla Cross Z Adventure modeliniň daşky görnüşi kuzowyň özboluşly reňk öwüşginleri, üýtgedilen radiator gözenegi hem-de has uly we berk öňdäki bamperi bilen tapawutlanýar.

Krossoweriň salonynda täze bezeg materiallary ulanyldy: oturgyçlar matanyň we emeli deriniň utgaşmasyndan taýýarlanyp, olar kuzowyň reňkine laýyk getirildi. Rul we gapy tutarlary bolsa tüsse-çal reňkli metaldan bezeg elementleri bilen üpjün edildi.

Döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowamynda öndüriji howpsuzlyk we sürüjä kömek berýän ulgamlaryň sanawyny has-da giňeltdi. Indi ulag aşakdaky funksiýalar bilen üpjün edilýär:

  • ulagy duralga awtomatik goýmak ulgamy,
  • sürüjä gyssagly kömek bermek ulgamy,
  • uzaklyk farasyny awtomatik geçiriş ulgamy,
  • pyýadalary we motosiklleri anyklaýjy ulgamlar.

Kompaniýanyň ýörite adaptiw kruiz-kontrol ulgamy indi ulagy öz zolagynda saklamak ulgamy bilen utgaşykly işleýär.

Tehniki taýdan we beýleki parametrler boýunça krossower öňküligine galdy. Içki bazarda Corolla Cross modeliniň dizaýny hemişe bolşy ýaly onuň üpjünçiligine baglydyr: meselem, alyjylar üçin has peseldilen we gaty asgyly, şeýle hem sport stilindäki bamperli GR Sport wersiýasy elýeterlidir.

Bu model üçin standart güýç beriji gurluş hökmünde 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisine esaslanýan we bir ýa-da iki sany elektromotor bilen bilelikde işleýän gibrid ulgamy hödürlenýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.