Astronomlar Gawaý adalaryndaky Deniel K. Inoue teleskopynyň kömegi bilen Günüň ýüzüniň häzire çenli iň aýdyň bolan suratlaryny aldy. Bu barada «The Guardian» neşiri ýazýar.
Suratlarda ölçegi 20 kilometrden hem kiçi bolan gurluşlary saýgarmak, şeýle hem Günde Kelwin – Gelmgols durnuksyzlyklarynyň barlygyny ilkinji gezek tassyklamak başartdy.
Synlamalar Gün tegmiliniň ýanyndaky magnit taýdan işjeň zolakda geçirildi. Girdaplara meňzeş käbir gurluşlar çalt hereket edýän plazma has haýal plazmanyň ugry boýunça hereket edende ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda olaryň çaknyşýan ýerinde sürtülme we tizligiň üýtgemegi bolup geçýär. Netijede, olaryň arasyndaky tekiz serhet bozulýar, egrelýär we spiral görnüşli girdaplar emele gelýär.
Beýle durnuksyzlyklara öň Ýerdäki köllerde, ummanlarda we bulutlarda, şeýle hem Ýupiteriň we Saturnyň atmosferasynda syn edilipdi. Ýöne Günde olaryň barlygyny ilkinji gezek tassyklamak başartdy.
Alymlaryň pikiriçe, ýüze çykarylan girdap akymlary Günüň magnit meýdanlarynyň nähili çolaşýandygyny we näme üçin Günüň üstüniň temperaturasy, takmynan, 6000 graduska, onuň daşky atmosferasynyň — täjiniň birnäçe million gradusa çenli gyzýandygyny düşündirmäge kömek edip biler.
Magnit meýdanlary elektrik ulgamlaryň, hemralaryň we GPS-nawigasiýanyň işini bozup bilýän alawlamalary we plazma zyňyndylaryny ýüze çykarýar.
«Bu Gün fizikasynda we astrofizikada soňky 50 ýylyň iň uly tapmaçasyny çözüp biler» — diýip, gözleg toparynyň astronomy Dawid Kuridze belledi.