Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro ştatynyň Guanabara aýlagynda suwy nebit önümlerinden arassalamak üçin adam saçyny ulanmak usulyny synagdan geçirip başladylar.
Ekologlar munuň üçin nebiti, biodizel we beýleki hapa maddalary özüne çekýän, saçdan dykyz doldurylan ýörite silindrlerden peýdalanýarlar.
«Bu süzgüçler zibili saklaýan mämişi reňkli ýüzüji böwetlere berkidilýär, biz ony «Fiotrar» böwetleri üçin direg hökmünde ulanýarys» – diýip, inžener-ekolog Ana Beatris Gonsalwes düşündirýär.
Himik Karolina Karwalýonyň aýtmagyna görä, şeýle enjamlar deňizde dört aýa çenli durup bilýär. Şol wagtyň içinde olar gämilerden ýa-da bikanun zyňyndylar arkaly suwa düşýän hapalary özüne çekýärler.

Suwy arassalamak üçin saç ulanmak teklibini Braziliýa getiren hökümete degişli bolmadyk «Fiotrar» guramasynyň düýbüni tutujy Mariana Robrandyr. Oňa şeýle pikire gelmäge bolsa Çilide we ABŞ-da geçirilen meňzeş taslamalar itergi berdi.

Süzgüçler üçin gerekli çig mal dellekhanalardan alynýar. Olar munuň üçin oturtma saç ýasamaga ýaramsyz hasap edilen saçlary iberýärler. Saça derek haýwanlaryň ýüňüni hem ulansa bolýar.
Guanabara aýlagy ýokary depginli gämi gatnawy bilen tapawutlanýar we köplenç suwunyň hapalanmagy zerarly kynçylyga duçar bolýar. Ýerli balykçy Serjio Karwalýo nebit syçramalarynyň bir ýarym metre çenli çuňlukdaky balyklary ýok edýändigini gürrüň berdi. Ekologlar we balykçylar täze tehnologiýa sebitiň ekoulgamyny dikeltmäge kömek etjekdigine umyt baglaýarlar.