Belgiýanyň taryhyndaky iň uly ýangyn Germaniýanyň serhedine golaýlap barýar

17.08.2026, 13:505,454
1 / 8

Belgiýada ýurduň taryhyndaky iň uly tokaý ýangyny dowam edýär. Ot Ýokary Fenn (Hautes Fagnes) tebigy goraghanasyndaky takmynan 3000 gektar tokaýy ýakyp, küle öwürdi we Germaniýanyň serhedine tarap ugruny dowam etdirýär diýip, Reuters habar berdi.

​Ýangyn anna güni, 14-nji awgustda, güýçli tüweleýli yssy we gurakçylyk sebäpli başlandy. Bir gije-gündiziň içinde ýangynyň meýdany iki esse artdy. Belgiýanyň mundan ozalky rekordy 2011-nji ýylda bellenilipdi, şol gezek ýangyn 1400 gektar çemesi meýdany hatardan çykarypdy.

​Ýangyny söndürmäge Belgiýanyň, Germaniýanyň we Lýuksemburguň ýangyn söndürüjileri, harbylar we ýerli daýhanlar çekildi. Belgiýanyň haýyşy boýunça Ýewropa Bileleşigi hem goşmaça awiasiýany — suw daşaýan üç sany dikuçary we iki sany uçary ugratdy. Ýangyny söndürmäge Niderlandlardan gelen dikuçarlar hem gatnaşýar.

​Göçürilen ilatly ýerleriň daşyna düzülen gorag zolaklary häzirlikçe ýangyny geçirenoklar, emma adamlara öýlerine gaýdyp gelmäge rugsat berilmeýär. Belgiýanyň Lýež prowinsiýasynda 600 töweregi adam göçürildi. Germaniýanyň Monşaw şäherinde hem häkimiýetler serhetýaka çäkleriň ýaşaýjylaryny güýçli tüsse sebäpli wagtlaýyn öýlerinden gitmegi tabşyrdylar.

Şeýle ýagdaýlara garamazdan, Belgiýanyň häkimiýetleri ýangyn edil Germaniýanyň çägine geçäýer öýdüp garaşmandylar.

Gorahananyň geçmesi kyn ýerleri, ýagny torf galyndylary we pürli tokaýlar ýangyn söndürmek işini has kynlaşdyrýar. Halas edijiler salkyn we çygly howa ýangynyň badyny birneme gaýtarar diýip umyt edýärler.

​«Belgiýa beýle uly göwrümli ýangyndan ejir çeker öýdüp, asla göz öňüne-de getirmändik. Indi, gynansak-da, hakykatyň gözüne göni seretmeli bolýarys. Meniň pikirimçe, beýle ýangynlar gitdigiçe köpeler gider. Şonuň üçin biz muňa mümkin boldugyndan ykjam taýýarlanmaly»— diýip, ýangyn gullugynyň kapitany Karim Buarfa Reuters gullugy bilen bolan söhbetdeşliginde pikirini paýlaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.