20-nji sentýabrda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde UFC 331 ýaryşy geçirildi. Ondaky esasy tutuluşyklaryň birinde ermeni-rus söweşijisi Arman Sarukýan braziliýaly Maurisio Ruffini birinji raundda nokauta gidirdi we karýerasyndaky 24-nji ýeňşini gazandy.

Birinji raundyň tamamlanmagyna dört sekunt galanynda Sarukýan garşydaşyny tora tarap gysyp, ony yzly-yzyna iki gezek tirsegi bilen urdy. Şondan soň braziliýaly söweşiji ýere ýykyldy.

29 ýaşly Tsarukýan üçin bu professional karýerasyndaky möhletinden öň gazanan 16-njy ýeňşi boldy. Indi onuň statistikasynda 24 ýeňiş we üç ýeňliş bar.
30 ýaşly Maurisio Ruffi bolsa üçünji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol öz karýerasyndaky 14 ýeňişiniň 13-sini möhletinden öň gazanypdy.
UFC 331 ýaryşynyň esasy söweşinde, habar berşimiz ýaly, iň ýeňil agramdaky çempionlyk ugrunda Mýanmanyň wekili Joşua Wan bilen braziliýaly Aleksandr Pantoža rewanş geçiripdi. Wan eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen ýeňiş gazandy we titulyny gorady.
«UFC 331» ýaryşynyň netijeleri:
- Joşua Wan Aleksandr Pantožany biragyzdan kabul edilen karar bilen ýeňdi (49:46, 49:47, 50:45).
- Arman Sarukýan Maurisio Ruffini nokaut bilen ýeňdi, 1-nji raund, 4:56.
- Patrisio Freýre Tu Ho Çhweni nokaut bilen ýeňdi, 1-nji raund, 3:28.
- Şon Şaraf Geýbel Siwsony nokaut bilen ýeňdi, 1-nji raund, 0:12.
- Alonzo Menifild Iwo Baranewskini eminleriň bölünen karary bilen ýeňdi (28:29, 29:28, 29:28).
- Marlon Wera Şarl Žurdeni tehniki nokaut bilen ýeňdi, 3-nji raund, 2:02.
- Robelis Despanýe Taý Tuiwasany eminleriň bölünen karary bilen ýeňdi (29:28, 28:29, 29:28).
- Maýkl Aswell Çu San Ýuny eminleriň bölünen karary bilen ýeňdi (29:28, 28:29, 29:28).
- Raýan Gandra Osman Diasy nokaut bilen ýeňdi, 1-nji raund, 2:04.
- Edmen Şahbazýan Brunno Ferreýrany biragyzdan kabul edilen karar bilen ýeňdi (29:28, 29:28, 30:27).
- Keýsi O'Nill Eduarda Mourany elini gaňryp ýeňdi, 1-nji raund, 3:20.
- Žoanderson Brito Giga Çikadzeni nokaut bilen ýeňdi, 1-nji raund, 1:57.