«Arkadag» Türkmenistanyň çempionatynda yzly-yzyna dördünji gezek çempion boldy

Düýn, 12:103,304

«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynda möhletinden öň ýeňiji boldy. Adybir şähere degişli topar yzly-yzyna dördünji gezek çempionlygy gazandy diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berýär.

Çempionlygyň ykbalyny soňa goýlan iki duşuşyk kesgitledi. 28-nji sentýabrda 23-nji tapgyryň oýunlarynyň çäginde «Arkadag» «Ahal» toparyny 4:0 hasaby bilen ýeňdi. 30-njy sentýabrda bolsa 18-nji tapgyryň soňa goýlan myhmançylykdaky duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan 3:0 hasap bilen üstün çykdy.

Şu oýunlardan soň «Arkadag» 23 oýunda 69 utuk toplady. Ýaryş jedwelinde häzir ikini orunda barýan «Ahal» 21 oýunda 42 utuk toplady. «Altyn Asyryň» bolsa 19 duşuşykdan soň 41 utugy bar. Möwsümiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galdy.

Türkmenistanyň çempionatynda sekiz klub çykyş edýär. Her topar jemi 28 duşuşyk geçirýär.

«Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylda döredildi. Bu toparda çykyş edýän oýunçylaryň köpüsi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümine girýär.